Antarktidanyň üstündäki ozon deşigi Braziliýanyň meýdanyndan üç esse uly boldy

  • 07.10.2023 20:32
  • 26k+

Hemra maglumatlary Antarktidanyň üstündäki ozon deşiginiň gözegçiligiň taryhynda iň ulularyň biri bolandygyny görkezdi. Onuň göwrümi Braziliýanyň meýdanyndan üç esse uludyr diýip, MIR 24 habar berýär.

16-njy sentýabra çenli ýagdaýa görä, deşik 26 mln inedördül kilometre ýetdi. Hünärmenler onuň ulalmagy dowam etmeginden howatyrlanýarlar – ozonyň tükenmeginiň ýokary derejesi, adatça, oktýabr aýynyň ortalaryna düşýär.
Ozon deşiginiň ululygy möwsüme görä üýtgeýär. Ol awgust aýynda, Günorta ýarym şarda ýaz düşen wagty ulalyp başlaýar we oktýabr aýynda ýokary derejesine ýetýär. Tomsuna (Antarktidada ol dekabr-fewral aýyna düşýär) deşik ýapylýar, sebäbi stratosferadaky temperatura ýokarlanýar we ozon gatlagynyň dargamagyna getirýän mehanizmler gowşap başlaýar.
Antarktidanyň üstündäki ozon gatlagynyň dargaýşy ilkinji gezek 1985-nji ýylda belli boldy. XX asyrda adamzat senagatda ozon gatlagyny dargadyjy maddalary işjeň ulandy we bu hem ýaramaz netijelere getirdi. Bu maddalar Monreal teswirnamasy tarapyndan gadagan edilenden soň, ýagdaý kem-kemden gowulaşyp başlady. Ýöne ozona adamlaryň henizem gözegçilik edip bilmeýän beýleki prosesleri hem täsir edýär.
Soňky üç ýylda ozon deşigi adatdakysyndan giç ýapyldy. Alymlar muny atmosfera ozony dargadyjy tüsseleri goýberen Awstraliýadaky tokaý ýangynlarynyň täsiri bilen baglanyşdyrdylar.


07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.7k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......