Prada geljekki Aýa gonuş üçin skafandr döretmäge kömek eder

  • 07.10.2023 20:19
  • 5.1k+

Italiýanyň Prada gözellik moda öýi 2025-nji ýa-da 2026-njy ýylda adamlaryň Aýa gonuşyny göz öňünde tutýan NASA-nyň Artemis kosmos missiýalary üçin täze skafandr döretmekde Axiom Space amerikan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu barada Axiom Space-iň baş müdiri Maýkl Suffredini “Space News” neşirine aýtdy.

Prada Axiom Space kompaniýasyna skafandryň göterijiniň hereketine päsgel bermän, kostýumyň içki gatlagyny Aý tozanyndan we daşky gurşawyň täsirinden goramaly bolan örtüginiň üstünde işleýär.
Axiom Space we Prada NASA-nyň 228,5 mln dollarlyk sargydynyň çäklerinde Artemis missiýalary üçin täze skafandr döredýär. Amerikanyň kosmos agentligi hem Aýa uçuş, hem Halkara kosmos stansiýasy üçin kostýum satyn almakçy bolýar. NASA Prada-nyň taslama gatnaşmagyny goldady.
Prada Group-yň marketing boýunça müdiri Lorenso Bertelli žurnalistlere kosmos üçin gorag enjamy taslananda esasy ünsüň onuň funksionallygyna gönükdirilýändigini aýtdy. Ýöne kompaniýa skafandra käbir dizaýn alamatlaryny berip biler.


05.06.2026 13:07
4.6k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....