«Ýuwentusyň» futbolçysy Pogbanyň doping barlagy ikinji gezek hem položitel çykdy

  • 07.10.2023 19:52
  • 11k+

«Ýuwentusyň» fransuz futbolçysy Pol Pogbanyň testosteron üçin tabşyran barlagy ýene-de položitel çykdy. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano X (öňki Twitter) sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.

11-nji sentýabrda ANSA agentligi “Udineze” (3:0) bilen Italiýanyň çempionatynyň ilkinji tapgyr oýnundan soň Pogbanyň testosterona tabşyran doping synagynyň položitel çykandygyny habar berdi. Oýunçy “Ýuwentus”-da oýnamakdan wagtlaýynça çetleşdirildi.
Pogba 30 ýaşynda, 2018-nji ýylyň dünýä çempiony we 2016-njy ýylyň Ýewropa çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi. Futbolçy karýerasynyň dowamynda iňlis “Mançester Ýunaýted”-indede oýnady. Ol Italiýanyň dört gezek çempiony, Ýewropa ligasynyň (2017) ýeňijisi we iki gezek milli kubogy eýeledi.
Häzirki möwsümde Pogba Italiýanyň çempionatynyň iki oýnuna gatnaşdy. Ýedi tapgyrdan soň “Ýuwentus” 14 utuk toplap, sanawda dördünji orunda barýar.


düýn 20:28
8.7k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....