Nissan Hyper Urban konsept ulagyny tanyşdyrdy

  • 07.10.2023 19:17
  • 16k+

«JapanMobilityShow» sergisiniň (Tokio halkara awtoulag sergisiniň) öňüsyrasynda «Nissan» awtokonserni «Hyper Urban» konseptual krossowerini tanyşdyrdy. Şou-kar «Nissan-yň» elektrik ulaglarynyň geljekde nähili boljakdygyny görkezmek üçin döredildi.

«Hyper Urban» döredilende «Nissan-yň» dizaýnerleri ulag bilen daşky gurşawyň sazlaşygyny görkezmäge synanyşdylar. Awtoulagyň daşky reňki ýagtylygyň düşýän burçuna baglylykda üýtgeýär, interýeri bolsa şäher jaýlarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen utgaşdyrmak üçin niýetlenendir, öň we yzky oturgyçlar diwana meňzeş oturgyç döretmek üçin birleşdirilýär.
Şeýle hem täze tehnologiýalaryň peýda bolmagy bilen ulagy has-da döwrebaplaşdyrmak mümkindir. Hususan-da, konseptual krossoweriň gurallar paneli ony has täzesi bilen çalyşmak mümkinçiligine eýedir.
«Hyper Urban» batareýasyny öý üçin hem ulanmak we artykmaç elektrik energiýasyny tor ulgamyna geçirmek mümkinçiligi bilen, elektromobilleriň ekosistemasyna integrasiýa üçin niýetlenendir.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....