Toyota we Suzuki bilelikde kiçi elektrokrossower öndürer

  • 07.10.2023 19:14
  • 4.6k+

Iki ýapon kompaniýasy eýýäm geljegi uly modeliň – batareýa bilen işleýän ähli ýerde hereket etmäge ukyply kiçi ulagyň üstünde işleýärler, ol birbada birnäçe bazara, şol sanda Ýaponiýa, Ýewropa we Hindistan üçin niýetlener. BestCarWeb-iň habar bermegine görä, «Toyota» üçin elektrikli awtoulag 2021-nji ýylda tanyşdyrylan «bZ Small Crossover» konseptiniň önümçilik görnüşi bolar.

«Toyota bZ Small Crossover» şol döwürde ilkinji çykyş ededöredilen prototipleriň arasynda ähli ýerde hereket etmäge ukyply iň ykjam ulagdyr. Konseptiň tehniki aýratynlyklary aýan edilmedi, ýöne käbir çeşmelere görä, onuň uzynlygy 4 metrden biraz gowrak bolar. Şeýlelik bilen, onuň önümçilik nusgasy «Yaris Cross-dan» hem has ykjam bolup biler.
«Toyota» Ýaponiýanyň içerki bazaryna we Ýewropa üçin niýetlenen kiçi elektrik awtoulagyny taýýarlaýar: iki sebitde hem ykjam batareýa modelleri meşhurlyga eýe bolýar. Insaýderleriň maglumat bermeklerine görä, «Suzuki» uly bolmadyk awtoulaglary öndürmekde tejribesi sebäpli bu taslamada «Toyota-nyň» hyzmatdaşy boldy.
«Suzuki-niň» özi şol bir platformada «Toyota» modelinden alan şassisiniň we hereketlendirijileriniň esasynda birneme ulurak, ýöne özboluşly keşbe eýe boljak elektrik awtoulagyny döredip biler. Täze önümiň çykjakdygyna eýýäm yşarat edilendigi çaklanylýar: ýanwar aýynda kompaniýa Hindistanda «eVX» konseptini görkezdi, ol ululygy boýunça «Hyundai Creta» golaýdyr.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......