Osakadaky EXPO-2025 üçin çykdajylaryň 1,57 mlrd dollara ýetmegine garaşylýar

  • 08.10.2023 13:17
  • 12k+

Osakada geçiriljek EXPO-2025 halkara sergisini gurnaýjy gurluşyk üçin çykdajylaryň ýokarlanjakdygyna ünsi çekdi. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, meýilnama täzeden garalandan soň, assosiasiýa umumy çykdajylaryň 1,57 mlrd dollar bolmagyna garaşýar diýip, NHK teleýaýlymy habar berýär.

Bu 2020-nji ýyldaky hasaplar bilen deňeşdirilende 335 mln dollar we ilkibaşdaky meýilnamadan 1,8 esse köpdür. Ilkibaşda gurluşyk çykdajylary häzirki walýuta hümmeti boýunça, takmynan, 840 mln dollara barabardy.
Guramaçy çykdajylaryň ýokarlanmagyny materiallaryň we zähmetiň bahalarynyň ýokary bolmagy, şeýle-de gurluşyk işlerini akgynly alyp barmak üçin goşmaça çykdajylar bilen baglanyşdyrýar.
Bu çykdajylary deň paý bilen üç tarap öz üstüne almaly: merkezi hökümet, prefekturanyň we Osaka şäheriniň häkimiýetleri, şeýle-de biznes topary.
Täze smetadan ugur alyp, hökümet 525 mln dollar möçberde çykdajylary öz üstüne almaly bolýar. 


12.06.2026 10:04
6k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....