Doha şäherinde «EKSPO — 2023» halkara sergisinde Türkmenistanyň milli güni 9-njy oktýabrda geçiriler

  • 06.10.2023 13:48
  • 5.6k+

«EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisinde 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli gününi geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi bilen duşuşygynda bellenilip geçildi.

Duşuşygyň dowamynda Halkara sergiler býurosynyň goldaw bermeginde guralýan sergi-ýarmarka işleri ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, şeýle hem bu ulgamyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Döwlet Baştutany Türkmenistanda halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini, ýakynda bolsa «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» kabul edilendigini belledi. Konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyz Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýär.
Türkmenistan Halkara sergiler býurosynyň agzasy bolmak bilen, bütindünýä we ýöriteleşdirilen gözden geçirilişlere işjeň gatnaşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyz Şanhaýda, Milanda, Astanada, Dubaýda geçirilen sergilerde mynasyp wekilçilik etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz agzalan býuronyň Baş sekretaryny şu ýylyň 2-nji oktýabrynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde bu guramanyň goldaw bermeginde guralýan «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisiniň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de forumyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Şeýle hem Prezident Türkmenistanyň Ýaponiýanyň Osako şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtap, döredilen guramaçylyk toparynyň bu ugurda degişli işleri alyp barýandygyny aýtdy.
Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes, öz gezeginde, Doha şäherinde geçirilýän halkara sergide ýaýbaňlandyrylan türkmen bölümi bilen tanşandygyny we onuň özünde uly täsirleri galdyrandygyny aýtdy. Myhman bilelikdäki çäreleriň netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýurdumyzyň dünýäniň sergiler giňişligine geljekde-de işjeň goşulyşmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Halkara sergiler býurosy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, geljekde Türkmenistanda halkara ähmiýetli we ählumumy ösüşe gönükdirilen sergileri guramagyň şertlerine garamagyň maksat edinilýändigini aýtdy.


düýn 17:31
1.2k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....