Braziliýada suwuň rekord derejede gyzmagy delfinleriň köpçülikleýin gyrylmagyna getirdi

  • 06.10.2023 08:50
  • 16k+

Soňky günlerde Amazonkada gurakçylyk we suwuň temperaturasynyň ýokarlanmagy sebäpli ýüzden gowrak jansyz delfin tapyldy.

Mamiraua institutynyň habar berşi ýaly, soňky ýedi günde Tefe kölünde öli delfinler tapyldy. «Bu hadysanyň sebäbini anyk aýtmak üçin entek ir, ýöne hünärmenlerimiz munuň guraklyk möwsümi we Tefe kölüniň ýokary temperaturasy bilen baglanyşykly bolmagynyň ähtimaldygyny belleýärler, kölüň käbir ýerlerinde temperatura 39 gradusdan geçýär» diýlip, habar berilýär.
Mamiraua institutyndan Aýan Fleýşman suwuň derejesiniň we temperaturasynyň delfinleriň köpçülikleýin ölüminiň «esasy faktorlardygyny» aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, beýleki sebäpler hökmünde keseliň ýaýramagy we suwuň hapalanmagy ýaly mümkinçilikler hem öwrenilýär.
Alymlar we aktiwistler diri galan delfinleri Amazonkanyň suwuň has salkyn ýerlerine geçirmek arkaly halas etmäge synanyşýarlar, ýöne sebitiň uzaklygy sebäpli şeýle amallary amala aşyrmak kyn düşýär .
Reňkleri sebäpli käwagt gülgüne delfinler diýlip atlandyrylýan Amazon delfinleri süýji suwda ýaşaýan görnüşlere degişlidir. Olaryň ýaşaýan ýerleri tutuş Amazonkany we oňa guýýan derýalary öz içine alýar. Bu delfinler ýitip gitmek howpy abanýan görnüşdir.


şu gün 15:05
3.4k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

07.06.2026 17:05
8.4k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

07.06.2026 10:04
7.3k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

03.06.2026 12:21
9.3k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......