Ledi Gaganyň Kopakabana kenaryndaky mugt konsertine 2 milliondan gowrak adam gatnaşdy

  • 07.05.2025 12:35
  • 5.3k+

Amerikaly aýdymçy Ledi Gaganyň 3-nji maýda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherindäki Kopakabana kenaryndaky mugt konsertine, takmynan, 2,1 million adam gatnaşdy. Bu barada ýerli häkimiýetleriň beren maglumatlaryna salgylanyp, «BBC» habar berýär.

Çäräni şäher häkimligi gurnady.
Bu çykyş aýdymçynyň «Mayhem» atly sekizinji albomynyň tanyşdyryş saparynyň bir bölegi boldy. Gaga käbir sahnalarda Braziliýanyň milli futbol ýygyndysyndan ylham alnyp taýýarlanan, Braziliýa äheňli lybaslarda çykyş etdi. Tomaşaçylar onuň «Alejandro», «Poker Face» hem-de «Abracadabra» ýaly meşhur aýdymlaryny bilelikde biragyzdan aýtdylar.


Ledi Gaga Braziliýada ozal 2012-nji ýylda çykyş edipdi.
Konsertiň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, 5000 polisiýa işgäri çekildi. Tomaşaçylar metal detektorlar bilen barlandy. Şeýle-de dronlar we ýüz tanama tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan kameralar ulanyldy.
Ledi Gaga Rioda mugt çykyş eden ilkinji artist däl. 2024-nji ýylyň maýynda Madonna hem Kopakabana kenarynda konsert beripdi, oňa 1,6 million adam gatnaşypdy. Şäher häkimiýetleri Gaganyň şowly şüweleňi Rionyň ykdysadyýetine, takmynan, 100 million dollar girdeji getirer diýip garaşýarlar. Häkimiýetler şeýle konsertleri, azyndan, 2028-nji ýyla çenli her ýyl geçirmegi meýilleşdirýärler.


01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....

31.03.2026 14:51
3.6k+

Braziliýada 1,5 müňden gowrak seýrek görnüşli pyşbaga Riu-Negru derýasyna goýberildi

Braziliýanyň Riu-Negru derýasyna tebigaty gorap saklamak maksatnamasynyň çäginde 1500-den gowrak amazonka pyşbagasynyň (Podocnemis expansa) çagalary goýberildi....

15.09.2025 12:54
8.7k+

Braziliýada ýaguar uly pişikleriň arasynda ýüzmek boýunça rekord goýdy

Uly ýaşly erkek ýaguar Braziliýanyň merkezindäki Serra-da-Mesa suw howdanynda ýüzmek boýunça rekord goýdy. Ol ada ýetmek üçin 1,3 km aralygy ýüzüp geçdi. Rekord kamera-duzaklary tarapyndan tassyklandy diýip, New Scientist habar berýär...

07.05.2025 13:42
11k+

Braziliýada «Colgate» diş pastasynyň satuwy ýene gadagan edildi

Braziliýanyň Milli saglygy goraýyş gözegçilik edarasy ýurtda «Colgate Total Clean Mint» diş pastasynyň satuwyny täzeden gadagan etdi. 2025-nji ýylyň başynda Braziliýadaky ulanyjylar sosial torlarda bu diş pastasy bilen baglanyşykly köpsanly nägilelikleri bildirip başladylar...