Arkadag şäheriniň iň ýaşy uly ýaşaýjysy belli boldy. Onuň 43 agtygy, 74 çowlugy bar

  • 05.10.2023 18:20
  • 61k+

89 ýaşly Şamyrat Nazarow Arkadag şäheriniň iň ýaşy uly ýaşaýjysy boldy. «Akylly» şäheriň iň garry ýaşaýjysy 1934-nji ýylyň 22-nji awgustynda öňki Gorjaw obasynda doguldy. Onuň dört ogly, alty gyzy, 43 agtygy, 74 çowlugy bar diýip, «Arkadag» gazeti habar berdi.

— Dag eteginiň howasy arassalygy bilen jana şypa. Özümem daga, gaýra — guma gezelenje kän giderdim. Öňki adamlar hem: «Gorjaw, Babarap obalarynyň howasy, bagy-bakjasy, oty-çöpi dermandyr, Altyýabyň suwy tenekardyr» diýerdiler. Çyn şol. Men harby gullugy ýarawsyzlygym sebäpli, doly tamamlap bilmedim. Oba gelenimden soň saglygym allanäme dikeldi. Hak nazary düşen ýer-dä bu ýerler. Şondan soň agyr-u-ýeňil iş dannaman, zähmet çekilendir. Şükür, başymyň agyrany ýa bil agyryp, baldyr syzlany ýadyma düşenok. Ýogsam, agyr şertlerde işlänim üçin, 80-nji ýyllar hormatly dynç alşy teklip edipdiler — diýip, Şamyrat aga gürrüň berýär.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......