Bulutlarda ilkinji gezek mikroplastik ýüze çykaryldy

  • 05.10.2023 09:26
  • 18k+

Plastigiň mikroskopik bölejikleri, ýaponiýaly alymlaryň gözleglerine görä, bulutlarda hem bar. Hapalanmanyň bolmagy klimata täsir edip biler.

MIR 24 teleýaýlymynyň belleýşi ýaly, alymlar Fudzi we Oýama daglarynyň depelerini örtýän dumandan çyglylygyň nusgalaryny ýygnamak üçin bu daglara çykdylar. Soňra olar nusgalaryň fiziki we himiki aýratynlyklaryny seljerdiler.
Netijeler bulanyk suwuň her bir litrinde 6 – 13 plastik bölejiginiň bardygyny görkezdi. Olaryň ölçegi 7,1 mikrometrden 94,6 mikrometre çenli aralykda üýtgeýär. Alymlar toparyna polimerleriň dokuz dürli görnüşini we kauçugyň bir görnüşini kesgitlemek başartdy.
Gidrofil ýa-da çyglylygy söýüji polimerler köp boldy. Alymlar bu bölejikleriň bulutlaryň çalt emele gelmegine täsir edýändigini çaklaýarlar. Olar mikroplastigiň atmosferanyň ýokarky gatlagyna düşen ýagdaýynda ultrabenewşe şöhleleriniň täsirine sezewar bolup, dargap başlaýandygyny bellediler. Bu proses bug gazlarynyň bölünip çykmagyna getirýär.
Mikroplastik (ölçegi 5 mm-den kiçi bolan plastik bölejikleri) çüýşelerden, gaplamalardan, dokma önümlerinden, awtomobil şinalaryndan, şahsy gigiýena serişdelerinden we beýleki giňden ýaýran harytlardan emele gelýär. Ownujak bölejikler öň planetanyň ummanyň çuň ýerleri we Pireneý daglarynyň depeleri ýaly barmasy kyn bolan ýerlerinde tapylypdy. Ýöne olaryň geçiş mehanizmi näbelliligine galýar. Ýaponiýaly alymlaryň gözlegleri ilkinji gezek bulut suwunda howa boýunça mikroplastigiň “migrasiýasy” baradaky fakty ýüze çykardy diýip, Environmental Chemistry Letters belleýär.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......