Saud Arabystany 2034-nji ýyldaky dünýä çempionatyny özünde geçirmek isleýär

  • 05.10.2023 00:07
  • 8.9k+

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy 2034-nji ýyldaky dünýä çempionatyna ýer eýeçiligini etmek üçin ýüztutma hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada Saudi Press Agency habar berýär.

Dünýä çempionatyny geçirmek hakynda ýüztutma dünýä derejesindäki futbol çärelerini geçirmekde ýurduň barha artýan tejribesi bilen berkidiler. Ýurt 2027-nji ýylda Aziýa kubogyny kabul eder.
4-nji oktýabrda Halkara futbol federasiýasy 2034-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek üçin diňe Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň dalaşgärlik edip biljekdigini habar berdi. 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. 2030-njy ýylyň dünýä çempionatynyň esasy ýer eýeleri Ispaniýa, Portugaliýa we Marokko bolar, ýaryşyň açylyş oýny Urugwaýda, indiki iki oýun bolsa Argentinada we Paragwaýda geçiriler.


şu gün 10:53
164

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
3.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......