Himiýa boýunça Nobel baýragyny kwant nokatlaryny döredijiler aldy

  • 04.10.2023 22:52
  • 3.5k+

Şwesiýanyň Patyşalyk ylymlar akademiýasy 2023-nji ýylyň himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýelerini yglan etdi. Olar amerikalylar Mungi Bawendi we Luis Brýus hem-de russiýaly Alekseý Ýekimow boldy. Bu barada TASS habar berýär.

Baýrak “kwant nokatlarynyň açyşy we sintezi üçin” berildi diýlip, akademiýanyň habarynda aýdylýar.

“Kwant nokatlarynyň köp sanly gyzykly we üýtgeşik aýratynlyklary bar. Olaryň ölçegine baglylykda dürli reňklere eýe bolýandygyny bellemek möhümdir” – diýip, himiýa boýunça Nobel komitetiniň başlygy Ýohan Okwist belledi.

Kwant nokatlary nanobölejikler bolup, olaryň ölçegi olaryň aýratynlyklaryny kesgitleýär. Olar QLED tehnologiýasy boýunça yşyk diodlaryny, mysal üçin, telewizorlaryň displeýleri üçin, ulanylýar, şeýle-de lukmançylykda peýdalanylýar.

“Ýekimowa we Brýusa birek-birege garaşsyz kwant nokatlaryny döretmek başartdy, Bawendi bolsa himiki önümçilikde rewolýusiýany amala aşyrdy” – diýip, akademiýa düşündirýär.

Gözlegçiler geljekde kwant nokatlarynyň çeýe elektronikany, kiçijik datçikleri, has inçe Gün elementlerini we şifrlenen kwant aragatnaşygyny döretmäge ýardam etjekdigini çaklaýarlar. 


08.10.2025 16:25
2.3k+

Himiýa boýunça Nobel baýragy “metal-organiki karkas gurluşlaryň döredilendigi” üçin berildi

Şwesiýada himiýa boýunça Nobel baýragynyň laureatlary yglan edildi – olar Susumu Kitagawa, Riçard Robson we Omar Ýagi boldy. Olara baýrak “metal-organiki karkas gurluşlary işläp taýýarlandygy üçin” berildi diýlip, Nobel komitetiniň habarynda aýdylýar...

07.10.2025 17:45
3.6k+

Fizika boýunça Nobel baýragy kwant tehnologiýalary ulgamynda açyş üçin berildi

Nobel komiteti 2025-nji ýylyň fizika boýunça baýragynyň eýelerini yglan etdi – olar üç amerikaly alym Jon Klark, Mişel Dewore we Jon Martinis boldy. Olara baýrak “makro derejesinde kwant tunneliniň açyşy we elektrik zynjyrynda energiýanyň kwantlaşmagyny görkezendigi üçin” berildi...

06.10.2025 17:39
3.1k+

Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy immun ulgamynyň öwrenilendigi üçin berildi

Stokgolmda fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi. Baýrak “periferik immunologik tolerantlyk” diýlip atlandyrylýan ugurdaky açyş üçin amerikalylar Meri E.Brankowa, Fred Ramsdella we ýaponiýaly Şimon Sakaguçä berildi...

09.10.2024 19:03
4.5k+

2024-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragy belok gurluşlarynyň öwrenilendigi üçin berildi

2024-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýeleri amerikaly Dewid Beýker hem-de britaniýalylar Demis Hassabis we Jon Jamper boldular. Şwesiýanyň Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň bu çözgüdini 9-njy oktýabrda...