Meta Facebook-yň we Instagram-yň tölegli wersiýalaryny taýýarlaýar

  • 04.10.2023 19:29
  • 3.7k+

Meta kadalaşdyryjy edaralaryň geçiren barlagyna jogap hökmünde Ýewropa Bileleşiginde (ÝB) ýaşaýan ulanyjylar üçin Facebook-yň we Instagram-yň tölegsiz, mahabatsyz görnüşlerini goýbermegi göz öňünde tutýar diýip, Nýu-Ýork Times gazetine salgylanýan Reuters ýazýar.

Abuna ýazylanlar mahabat görmezler, şol bir wagtyň özünde Meta ÝB-de programmalaryň mugt, mahabat goldawly wersiýalaryny hödürlemegi dowam etdirer. Bu barada Metanyň meýilnamalaryny bilýän deňine üç sany çeşme habar berdi.
Bu ädim, ulanyjylara adamlaryň maglumatlaryny seljermäge esaslanýan kompaniýanyň mahabat hyzmatlaryna alternatiwa bermek arkaly, Meta gizlinlik meselelerini we ÝB-niň beýleki barlaglary bilen bagly meseleleri çözmäge ýardam berer.
Meta Ýewropa Bileleşiginiň monopoliýa garşy düzgünleşdirijileriniň nyşany astyna düşdi we ol iýul aýynda ulanyjylaryň razylygyny almazdan oňa ulanyjylaryň maglumatlaryny ýygnamagy gadagan edýän, Germaniýanyň 2019-njy ýyldaky kararyna  garşy göreşde ýeňildi.
Iň soňky maglumatlara görä, tölegli abunanyň bahasy aýda 14 dollar.


19.06.2026 19:38
563

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......