Toyota Land Hoper ady bilen ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply täze awtoulagyny çykarar

  • 04.10.2023 16:21
  • 14k+

Toyota kompaniýasy ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply täze ykjam awtoulagyny işläp taýýarlaýar. Bu awtoulag Ford Bronco-nyň bäsdeşleriniň birine öwrüler. “Carscoops” neşiriniň nygtamagyna görä, awtomobiliň premýerasy Japan Mobility Show sergisinde bolar diýip, autonews.ru belleýär. Deslapky maglumatlar boýunça, täze awtoulag Land Hoper adyny alar. Öň hut şu at Ýaponiýada Toyota tarapyndan hasaba alnypdy.

Resmi däl maglumatlara görä, awtoulagyň bahasy 27 müň dollardan arzan bolar. Awtomobil ABŞ-da, Ýewropada we Awstraliýada satylar.
Awtoulagyň dizaýny Compact Cruiser EV konseptini ýatladar diýlip pikir edilýär. Ýöne, prototipden tapawutlylykda, awtomobil diňe bir elektrik güýç gurluşy bilen hödürlenmez. Ýagny, Land Hoper-i Corolla Cross-dan we RAV4-den nusga edinjek benzin hereketlendirijileri bilen hem satyn almak bolar. Şeýle-de, müşderilere täze awtoulagyň gibrid görnüşleri hem hödürlener.


düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

04.05.2026 20:02
4.3k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......