Türkmenistanda mekdep okuwçylary üçin ABŞ-da bir ýyllyk okuw üçin «FLEX» bäsleşiginiň güni, wagty we ýeri belli boldy

  • 04.10.2023 09:59
  • 16k+

Halkara bilim boýunça amerikan geňeşlikleri ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2023-2024-nji ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berdi. Ol «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Synaglaryň rejesi

  1. Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş., 15-nji oktýabr, 2023 ý., 09:00, Türkmenbaşy ş., 10-njy mekdep;
  2. Balkan welaýaty, Balkanabat ş., 22-nji oktýabr, 2023 ý., 09:00, Balkanabat ş. 3-nji mekdep;
  3. Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., 29-njy oktýabr, 2023 ý., 09:00, Daşoguz ş. 2-nji mekdep.
  4. Mary welaýaty, Mary ş. 5-nji noýabr, 2023 ý. 09:00, Mary ş., 19-njy mekdep;
  5. Lebap welaýaty, Türkmenabat ş. 12-nji noýabr, 2023 ý. 09:00, Türkmenabat ş., 2-nji mekdep;
  6. Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri 26-njy noýabr, 2023 ý. 09:00, Aşgabat ş., 20-nji mekdep.

Bäsleşigiň ýeňijileri 2024-2025-nji okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we ABŞ-nyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar. Bu bolsa türkmenler bilen amerikanlaryň özara düşünişmegini ösdürmäge ýardam eder.
Gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli harajatlary ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan meýilleşdirilýän «FLEX» maksatnamasy dolulygyna öz üstüne alýar.
Fiziki mümkinçiligi çäkli okuwçylar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň ählisi aşakdaky talaplara laýyk gelmeli:

  • bäsleşige 2006-njy ýylyň 15-nji martyndan 2008-nji ýylyň 31-nji maýy aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler. Ýöne 11-nji synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler;
  • häzirki wagtda orta mekdepde okaýan;
  • mekdepdäki ýetişigi gowy bolan, iňlis dilinde gowy gürlemek we ýazmak ukyplaryna eýe bolan;
  • soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk;
  • ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýän; Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar synaga ýany bilen hökmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, ýakynda düşülen 3x4 ölçegli bir fotosuratyny, ruçka alyp gelmelidir we mekdep lybasynda bolmalydyr.
Bellik: öz şäherinde «FLEX» maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek «FLEX» maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler. Ýöne bäsleşigiň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaga rugsat berilýär.
Goşmaça maglumat üçin Amerikan geňeşlikleriniň Aşgabatdaky edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:
Tel.: (+99312) 36-90-16;
(+99363) 50-20-36.

http://americancouncilstm.org/flex/

 


düýn 20:28
973

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň uniwersitetleri akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

Tokio şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň......

08.05.2026 22:36
2.9k+

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgdaky halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlary eýeledi

Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň binýadynda geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň XII halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2026) türkmen talyplary uly üstünlik gazandy. Bäsleşik......

08.05.2026 12:46
1.4k+

Türkmenistan Skopýede geçirilen demografik durnuklylyk boýunça maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçirilen Demografik durnuklylyk boýunça «Leading Change: People-centered paths to demographic resilience» atly sebit ministrler maslahatyna......

01.05.2026 23:32
10k+

Türkmenistanda geljekki birinji synp okuwçylaryna kompýuter sowgat bermek däbi dowam etdiriler

Türkmenistanda täze okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synpyna okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterleri sowgat bermek boýunça asylly däp dowam etdiriler. Degişli Karara anna......