Subary kuwwatly hereketlendirijisi bolan täze sport sedanyny çykarar

  • 03.10.2023 17:06
  • 6.8k+

Ýaponiýanyň «Subaru» kompaniýasy ABŞ-da täze «Subaru WRX TR» sedanyny hödürlär. Bu barada motor1.com habar berýär. Täze önümiň ilkinji tanyşdyrylyşy 7-nji oktýabrda Florida ştatynda bolar.

Öndüriji täze önüminiň aýratynlyklaryny aýan etmedi, diňe täze «Subaru WRX TR-iň» has güýçli we ruhubelent adamlar niýetlenen model boljakdygyny belläp geçdi.
Ýaýradylan tizerden çen tutsak, awtoulagda bürünç reňkli diskler, gyzyl reňkli «Brembo» tormoz enjamlary, arka gurnamasy we gara plastik germew ornaşdyrylar. Bellenilmegine görä, sedanyň, takmynan, 300 at güýji bolan kuwwatly hereketlendiriji bilen üpjün edilmegi mümkin.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....