BMW täze X2 krossowerini görkezdi

  • 03.10.2023 17:04
  • 12k+

Germaniýanyň «BMW» kompaniýasy krossoweriň siluetini görkezýän wideo ýaýratdy. motor1.com bu «X2» modeliniň täze nesli bolup biler.

Wideoda eňňitli üçegi bolan awtoulagyň kupe meňzeş profilini, yzky gapyda uly spoýleri görmek mümkin. Öňki böleginde LED yşyklandyryjy radiator gözenegi göze ilýär.
Indiki nesil «X2» krossoweri «X1» modeliniň esasyny düzýän «BMW FAAR» platformasynda gurlar. Awtoulag «X1-de» ornaşdyrylan elektrik hereketlendirijileri bilen üpjün ediler. Esasy nusgalar sebite baglylykda, benzin ýa-da dizel hereketlendirijileri bilen üpjün ediler. Mundan başga-da, gibrid we elektrik görnüşleri elýeterli bolar.
Şeýle hem «BMW» «iX1» modeli bilen birlikde şu ýylyň ahyryndan başlap, Germaniýada ýygnaljak dolulygyna elektrikli «iX2» awtoulagyny taýýarlaýar.
Täze nesil «BMW X2» krossoweriniň haçan tanyşdyryljakdygy barada heniz maglumat ýok.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......