Toyota mini-Land Cruiser çykarmaga taýynlanýar

  • 03.10.2023 10:58
  • 14k+

Toyota ýakyn ýyllarda bazara iki sany adaty bolmadyk täze önüm çykaryp biler. Reuters habarlar gullugynyň öz çeşmelerine salgylanyp ýazyşy ýaly, täze orta ölçegli krossoweriň üstünde eýýäm işlenip ýör. Mundan başga-da, geljekde, häzirki Land Cruiser maşgalasyna garanyňda, has ykjam wnedorožnigi ösdürmek göz öňünde tutulýar. Agentligiň habaryna görä, täze önümleriň ikisi-de Hindistanyň bazaryna çykar.

Täze ulag häzirki wagtda 340D diýlip atlandyrylýar. Resmi taýdan bu C segmentine degişlidir we Toyota -nyň hindi hatarynda has ykjam Urban Cruiser Hyryder bilen uly Innova Hycross kysymly awtoulagyň aralygynda orun alar.
Land Cruiser -iň has ykjam görnüşi barada aýdylanda bolsa, Toyota indi beýle uly isleg bildirilmegine bil baglanylmaýan bolsa-da, bu mesele boýunça entek gutarnykly karar kabul edilmedi. Ozal insaýderler şeýle modeliň daşky görnüşiniň Compact Cruiser EV konseptinden ugur aljakdygyny habar berdiler, ýöne täze önümiň elektrik hereketlendirijisini aljakdygyny aýtdylar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......