Coralfly kompaniýasy oba hojalyk tehnikalary we Toyota awtoulaglary üçin ýokary hilli süzgüçleri hödürleýär

  • 02.10.2023 16:19
  • 8.6k+

CORALFLY® kompaniýanyň Türkmenistandaky resmi dileri ýokary hilli we arzan bahaly süzgüçleri (filtrleri) hödürleýär. Bu kompaniýa oba hojalyk tehnikalary, gurluşyk tehnikalary, ýeňil we ýük awtoulaglary, deňiz we derýa ulaglary, şeýle-de gaz-turbina elektrik stansiýalary üçin süzgüçleri öndürmekde Hytaý Halk Respublikasynda iň öňdebaryjy kompaniýasy bolup, ol Ýewropa döwletlerini, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny, Günorta Amerika döwletlerini, Russiýa Federasiýasyny we beýleki ýurtlary öz önümleri bilen üpjün edýär.

CORALFLY® kompaniýaынnyň öndürýän süzgüçleriniň hili dünýäniň iň tanalýan süzgüç öndürýän brendleriniň hilinden pes däldir. Bu kompaniýa: ISO 9001; ISO 14001; OHSAS 18001 we ş.m. ýaly halkara hil sertifikatlaryna eýedir.


Kompaniýanyň hödürleýän süzgüçleriniň hiliniň ýokarydygyna garamazdan, olaryň bahasy örän amatlydyr. «Amerikan we Ýewropa süzgüçleriniň bahasynyň aşa gymmatlygy we şol sebäpli fermerleriň olary satyn almakda we süzgüçlerini wagtly-wagtynda çalyşmakda kynçylyk çekýändigini (süzgüçleriň wagtly-wagtynda çalşylmaýanlygy bolsa, has hem uly meseleleriň ýüze çykmagyna getirýär!) göz öňünde tutup, biz olara has oňaýly mümkinçilik döredesimiz gelýär. Sebäbi oba hojalyk işi aňsat işlerden däl, ýokary hilli we arzan bahaly CORALFLY® süzgüçleri bolsa fermerleriň we daýhanlaryň tehnikalaryny aýawly saklar, şeýle-de çykdajylaryny diýseň kemelder» - diýip, kompaniýa aýdýar.
Kompaniýanyň «Süzgüç diýip alada etmäň, işiňizden lezzet alyň!» - diýen şygary hem ýöne ýerden däldir.

Kompaniýanyň Türkmenistandaky resmi dileri häzirki wagtda türkmen bazaryna John Deere we Claas kysymly oba hojalyk tehnikalary üçin, şeýle-de Toyota kysymly ýeňil awtoulaglary üçin süzgüçleri hödürleýär. Ýakyn geljekde gurluşyk tehnikalary we ýük awtoulaglary üçin hem süzgüçleri getirer. «Ençeme fermerler we daýhanlar bize öz ynamlaryny bildirip, biziň süzgüçlerimizi iş ýüzünde synadylar we hiliniň ýokarydygyna göz ýetirdiler» diýip diler belleýär.
Diler welaýatlar we şäherler boýunça lomaý söwda we diler hyzmatdaşlygyna taýýardygyny mälim edýär. Kompaniýa isleg bildirýänlere amatly şertleri hödürläp, uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmaga çagyrýar.

Lomaý söwdany maslahatlaşmak üçin şu salga baryp bilersiňiz: Aşgabat ş., Taslama köçesi, jaý 101.
Bölekleýin söwda üçin şu salga baryp bilersiňiz: Aşgabat ş., A.Gönübek köçesi, jaý 103, 2-nji gat, dükan №2/02 (Garantiýnyý).

HABARLAŞMAK ÜÇIN:
Ofis: ş. Aşgabat, Taslama köçesi, jaý 101;
Dükan: ş. Aşgabat, A. Gonubek köçesi, jaý 103, 2-nji gat, dükan №2/02 (Garantiýnyý).;
Telefonlar:
+99365791977;
+99364063750;
+99312975484;

E-mail: coralflyfiltertm@gmail.com
TMCARS biznes hasap: CORALFLY filters;
Instagram: coralfly_filter_tm
TikTok: coralfly_filter_tm
Hyzmatdaşymyz: ÝAKYNDAR internet dükany (yakyndar.com.tm)

12.05.2026 15:08
4k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.1k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.6k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....