Hristofer Kolumbyň Täze Dünýäni açandygy baradaky haty auksiona çykarylar

  • 01.10.2023 21:03
  • 17k+

Hristofor Kolumbyň (1451-1506) ispan patyşasynyň gaznaçysy Gabriel Sançese eden geografiki açyşy barada habar berýän haty onlaýn auksionda satylar. Taryhy resminamanyň Christie's auksion öýüniň web sahypasyndaky bahasy 1-1,5 million dollar.

Hatyň latyn diline terjimesiniň aman galan onlarça nusgasynyň biri satuwa çykaryldy, şol hatyň mazmuny esasynda Ýewropada “Hindistanda diýseň sada we jomart” aborigenler bilen ilatlaşan “köp sanly adanyň” tapylandygy barada bilipdirler, olar soňra Bagama, Gaiti we Kuba bolup çykypdyr. Hatyň ispan dilindäki asyl golýazmasy nusgasy saklanyp galmandyr, ýöne 1493-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda çap edilen ilkinji nusgalar häzirki wagtda Nýu-Ýork jemgyýetçilik kitaphanasynyň we Milanyň Ambrozian kitaphanasynyň ýygyndylarynda saklanýar. Auksion öýüniň belleýşi ýaly, auksiona çykarylan resminama häzirki wagtda toplaýjylara elýeterli bolan hatyň iň irki terjime edilen görnüşidir. 100 ýyl töweregi wagt bäri ol Şweýsariýanyň hususy kolleksiýasynda saklanýar.
Esasy bölegi meşhur hat boljak Christie's onlaýn auksiony 5-nji oktýabrdan 19-njy oktýabr aralygynda geçiriler.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......