Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

  • 01.10.2023 10:12
  • 49k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Anwar-ul-Hak Kakara ýurduň Belujistan we Haýber-Pahtunhwa welaýatlaryndaky metjitlerde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren partlamalar zerarly gynanç hatyny iberdi.

«Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar» diýlip, hatda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Pakistanda bolup geçen partlamalar zerarly elliden gowrak adam aradan çykdy. Bu barada anna güni, 29-njy sentýabrda ýerli häkimiýetler habar berdi.


27.04.2025 17:15
33k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranda partlamadan ejir çekenlere ähli zerur kömegi bermäge taýýardygyny beýan etdi

  26-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda Gurbanguly...

24.04.2025 09:38
21k+

Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Pahalgam şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereket zerarly gynanç hatyny iberdi...

31.03.2025 13:55
16k+

Türkmenistanyň Prezidenti Mýanmanyň halkyna gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Döwlet dolandyryş Geňeşiniň Başlygy, Premýer-ministri Min Aun Hlaýgna ýurduň merkezi sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere...

18.03.2025 10:10
14k+

Serdar Berdimuhamedow Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Gordana Silýanowskaýa-Dawkowa ýurduň Koçani şäherinde bolup geçen ýangynyň adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi zerarly...