Jim Raýan 2024-nji ýylyň mart aýynda Sony-dan gidýär

  • 01.10.2023 08:35
  • 8.3k+

Sony Interactive Entertainment-iň baş müdiri Jim Raýan geljek ýylyň mart aýynda işden gidýändigini mälim etdi. SIE-niň häzirki başlygy ýapon konglomeratynyň golçur kompaniýasyna 1994-nji ýylda goşulypdy. Bu barada habr.com habar berýär.

Raýan Beýik Britaniýadaky maşgala durmuşy bilen ABŞ-daky işi utgaşdyrmagyň has kynlaşyp başlandygyny aýtdy. Ol Sony-daky işine kompaniýa tarapyndan ilkinji oýun konsuly – PlayStation-yň çykarylan ýyly başlady. SIE-niň ýolbaşçysy Sony-nyň Ýewropada ornuny giňeltmäge kömek etdi we birnäçe wezipelerde işläp, 2019-njy ýylda kompaniýanyň oýun bölüminiň baş müdiri boldy.
Raýanyň ýolbaşçylygynda Sony 2020-nji ýylyň noýabr aýynda PlayStation 5-i çykardy. Gurluş çykarylyp başlanaly bäri kompaniýa COVID-19 pandemiýasy sebäpli ulgam önümçiligi üçin komponentleriň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldy, ýöne ahyrynda kompaniýa konsollaryň önümçiligini artdyrmagy we islegi kanagatlandyrmagy başardy.
2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Sony bazara 3,3 mln PS5 iberdi, satylan soňky nesil konsullarynyň umumy sany bolsa 41,7 mln birlige ýetdi.
2024-nji ýylyň 1-nji aprelinden SIE-niň baş müdiri wezipesini wagtlaýynça Hiroki Totoki eýelär, ol täze wezipäni Sony Group Corporation-yň baş operasion müdiri we maliýe müdiri wezipeleri bilen utgaşdyrar.


16.02.2026 20:41
3k+

Bloomberg: sarp ediş elektronikasy pudagyna çökgünlik garaşýar

Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary sarp ediş elektronikasy pudagynda uly kynçylyklaryň gelip ýetýändigi barada duýdurýarlar. Emeli aň üçin niýetlenen maglumatlary işlemek merkezleriniň (data-center) örän ýokary islegi, smartfonlarda, noutbuklarda we beýleki ýokary tehnologiýaly enjamlarda ulanylýan DRAM (dinamiki operatiw ýat) mikroshemalarynyň gytçylygyna alyp barýar...

01.02.2026 16:20
3.4k+

LG kompaniýasy Sony we TCL-iň yzýany 8K modelleriniň önümçiligini duruzýar: sebäbi näme?

LG kompaniýasy 8K durulykly telewizorlaryň önümçiligini bes etdi. Günorta koreýaly öndüriji Sony we TCL kompaniýalarynyň yzy bilen bu segmenti terk edýär diýip, TechRadar neşiri habar berýär. LG şeýle formatdaky ilkinji modelini 2018-nji ýylda tanyşdyrypdy...

02.06.2025 14:02
5.6k+

Samsung smartfonlary öz güýji bilen çykarýan ýeke-täk öndüriji bolup galdy

Sony kompaniýasy özbaşdak smartfon önümçiliginden gutarnykly ýüz öwrüp, bu işi beýleki kompaniýalara tabşyrdy. Ozal ol arzan we orta modelleri autsorsinge beripdi, indi bolsa gymmat flagmanlar, mysal üçin, Sony Xperia I VII hem Sony-nyň zawodlarynda ýygnalmaz...

26.02.2025 15:14
5.4k+

Sony Ýaponiýada ikinji iri kompaniýa boldy. Birinji - Toyota

Sony Group Corporation Ýaponiýada ikinji uly kompaniýa öwrüldi. Häzir onuň kapitalizasiýasy 152,36 mlrd dollar bolup, diňe Toyota kompaniýasyndan yza galýar. 1946-njy ýylda Tokyo Tsushin Kogyo ady bilen döredilen...