FIFA seriýasynyň ähli oýunlary satuwdan aýryldy

  • 01.10.2023 08:32
  • 13k+

EA Sports kompaniýasy FIFA futbol simulýatorynyň ähli seriýalaryny sanly platformalardan aýyrdy. Bu barada “TechRadar” neşirine salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

Oýunlaryň ýitendigine sosial ulgamlary ulanyjylar üns berdiler. 26-njy sentýabrda MauroNL lakamy bilen X sosial ulgamyna giriji FIFA oýunlarynyň Steam, Epic Games Store, PlayStation Store, Microsoft Store we Nintendo eShop ýaly belli sanly dükanlaryň ählisinden aýrylandygyny gördi.
Media žurnalistleriniň aýtmagyna görä, futbol simulýatorynyň ähli belli seriýalary – FIFA 14-den başlap FIFA 23-e çenli – satyn almak we ýükläp almak üçin elýeterli däl boldy. FIFA 22 we FIFA 23 seriýalary diňe tölegli EA Play ýazylyşygynyň çäginde saklanyp galdy. Hünärmenler FIFA seriýasynyň oýunlarynyň EA Sports FC oýnunyň 21-nji sentýabrda ir elýeterli bolanyndan soň aýrylandygyny çaklaýarlar.
EA Sports bu barada hiç hili teswir bermedi. Ýatlap geçsek, 2022-nji ýylda EA Sports Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) bilen şertnamany ýatyrdy. Indi EA kompaniýasy oýunlary EA Sports FC ady bilen çykarýar.


08.06.2026 16:29
3.8k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

05.06.2026 07:28
8.3k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

27.05.2026 21:24
7.9k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......