Emeli intellekt beýleki planetalardaky ýaşaýşy kesgitlemegi öwrendi

  • 30.09.2023 16:59
  • 8.5k+

Karnegi institutynyň biologlaryndan we astrofiziklerinden ybarat topar Ýerden daşary ýaşaýşy gözlemegiň täze usulyny işläp düzdi. Hünärmenler janly we jansyz tebigatyň predmetlerini tapawutlandyrmaga ukyply emeli intellekti döretdiler. Bu barada MIR24 habar berýär.

Alymlar algoritmi işläp düzenlerinde 134 abiotik we biotik nusgalaryň molekulýar barlaglarynyň maglumatlaryny ulandylar. Täze neýroulgam 90%-e çenli takyklyk bilen biologiki gelip çykyşy bolan nusgalary kesgitledi. Aýratynam, emeli intellekt ýaşy ýüzlerçe million ýyl bolan çaňňalaklar, süňkler, saçlar, öýjükler we daşa öwrülen zatlar ýaly obýektleri kesgitledi.
Gözlegçiler bu işiň Marsyň üstüni öwrenmekde kömek etjekdigini çaklaýarlar, sebäbi seljeriş üçin nusgalary Ýere ibermek zerurlygy bolmaýar. Şeýle-de, neýroulgamy Ýupiteriň Ýewropa hemrasynyň ýaşamak üçin ýaramlydygyny ýa-da däldigini anyklamak, Ýerdäki birnäçe ylmy tapmaçalary çözmek üçin ulanmak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, ol 3,5 mlrd ýyl mundan ozal emele gelen çökündilerdäki gadymy mikroblary gözlemek üçin ulanylar diýip, PNAS žurnaly ýazýar.


16.05.2026 23:58
3.5k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
984

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...