Täze Porsche Cayenne tanyşdyryldy

  • 30.09.2023 16:09
  • 7k+

«Porsche» 2024-nji ýyl üçin niýetlenen «Cayenne S E-Hybrid» ulagyny tanyşdyrdy. Kompaniýa ony adaty «E-Hybrid» bilen iň kuwwatly «Cayenne Turbo E-Hybrid» ulaglarynyň iň gowy aralygy diýip atlandyrýar.

 

2024-nji ýyl üçin niýetlenen «Cayenne S E-Hybrid» 348 at güýjüni öndürýän 3.0 litrlik turbo görnüşli V6 hereketlendirijisi we 174 at güýji kuwwaty bolan elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Ulgamyň umumy kuwwaty 512 at güýjüne deňdir.
Elektrik hereketlendirijisi 25,9 kWt sagat sygymy bolan batareýa bilen işleýär, 11 kW kuwwatly zarýad beriji bolsa adaty 2-nji derejeli zarýad beriji ulanylanda, takmynan, 2,5 sagatda zarýadyny doldurmaga mümkinçilik berýär.
Bu transmissiýa ulagy 96 km/sag tizlige bary-ýogy 4,4 sekuntda çykarmaga we çärýek mil aralygy 13 sekuntda geçmäge mümkinçilik berýär, bu görkeziji gibrid däl goşa turbo görnüşli «Cayenne S-den» 0,1 sekunt çaltdyr.
«Cayenne S E-Hybrid» ulagynda täze iki kameraly, iki klapanly pnewmatika podweskasy ornaşdyrylandyr, bu düýpgöter tapawutlanýan rahat we sport sürüşi tertibini üpjün edýär.
«Cayenne S E-Hybrid-iň» içinde sekiz tarapa güýji sazlanýan oturgyçlar, «Sport Chrono» toplumy we poslamaýan polat pedallary bar. Ulagyň salony «Silvershade» reňkinde ýerine ýetirildi. Ulagy «Apple CarPlay» ulgamyny goldaýar, şeýle hem ýolagçy tarapda ýene bir ekran bar.
Ulagyň bahasy ABŞ-da 100750 dollardan başlanýar, «Cayenne S E-Hybrid Coupe» ulagynyňky bolsa 105650 dollardan başlanýar. Bu model ABŞ-nyň dilerlerine 2024-nji ýylyň ýazynda geler.


19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......