Özbegistan medeni mirasa degişli desgalaryň ýanynda bir gezeklik plastik önümleri gadagan edýär

  • 30.09.2023 15:40
  • 9.5k+

Özbegistanyň hökümeti maddy medeni mirasa degişli desgalaryň ýerleşýän çäklerine, şeýle hem aýratyn goralýan tebigy ýerlere, sagaldyş we dynç alyş maksatly merkezlere bir gezeklik plastik önümleri getirmegi we satmagy gadagan etmegi meýilleşdirýär.

Bu başlangyjyň maksady plastik galyndylardan ýüz öwürmek arkaly daşky gurşawy arassalamakdan ybaratdyr, çünki plastik önümler adamlar tarapyndan uzak peýdalanylmaýarlar, emma uzakmöhletleýin döwür göz öňünde tutulanda, daşky gurşawa uly zyýan ýetirýärler.
«Tebigaty goramak hakynda» Kanuna aýratyn goralýan tebigy ýerleriň, sagaldyş we dynç alyş maksatly merkezleriň çäklerinde, şeýle hem maddy medeni mirasa degişli desgalaryň ýerleşýän ýerlerinde bir gezeklik plastik önümleri (tebigy organiki polimerlerden ýasalan önümlerden başga) getirmegi, satmagy we öndürmegi gadagan edýän maddany girizmek meýilleşdirýär.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......