Türkmenistanda talyplar üçin alty ders olimpiadasy geçiriler

  • 29.09.2023 16:27
  • 11k+

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (HYY we ÖU) Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde türkmen talyplary üçin ders olimpiadalarynyň adaty güýzki marafonyny geçirýär. Bu ýyl intellektual bäsleşik 20 – 25-nji noýabrda alty ugur – ykdysadyýet, filosofiýa, häzirkizaman türkmen jemgyýeti, ýöriteleşdirilen iňlis dili, hytaý we italýan dili boýunça geçiriler.

HYY we ÖU-da bir ýa-da birnäçe olimpiada gatnaşmak üçin arza tabşyryp biljek talyplar hasaba alnyp başlandy. Her bir ýokary okuw mekdebinden dalaşgärleriň sany çäklendirilmedikdir. Ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynyň akademiýa/ýaryş bölüminde hem hasaba alynmak bolýar.
Olimpiadalar alty günüň dowamynda nobatlaýyn onlaýn görnüşde geçiriler. Her ders ýaryşy 1 tapgyrdan ybarat bolar. Bäsleşigiň resmi dilleri türkmen we iňlis dilleridir.
Goşmaça maglumatlary şu elektron poçta salgysy boýunça alyp bilersiňiz: iuhdolympiads@gmail.com.


düýn 18:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

düýn 11:24
4.2k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.4k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......