Iň ygtybarly Toyota modelleri saýlandy

  • 29.09.2023 15:15
  • 19k+

Hotcars portalynyň hünärmenleri J.D.Power we Consumer Reports ýaly dürli analitik kompaniýalarynyň maglumatlaryny ulanyp, ygtybarlylygy, tehniki hyzmaty, çagyryş kampaniýalary baradaky maglumatlary we awtoulag eýeleriniň beren bahalaryny seljerip, Toyota-nyň haýsy modeliniň has ygtybarlydygyny anykladylar. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Netijede, Toyota Venza ýapon markasynyň iň ygtybarly awtomobili boldy. Ýagny, 2012 – 2015-nji ýyllarda çykarylan Venza awtomobilleri sanawda birinji orny eýeledi. Ikinji orunda RAV4 krossoweri, üçünji orunda 2007-nji ýylyň Highlander awtoulagy gelýär. Dördünji orunda 2008-nji ýylyň ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply 4Runner awtoulagy ýerleşdi.
Bäşinji orny 2016-njy ýylyň Toyota RAV4-i eýeledi, onuň yzyndan 2021-nji ýylda çykan Land Cruiser we 2022-nji ýylda çykan Corolla Cross gelýär. Iň ygtybarly Toyota modelleriniň onlugyny 2000-nji ýylyň Land Cruiser-i, 2018-nji ýylyň RAV4-i we 2017-nji ýylyň 4Runner-i jemleýär. Soňra Highlander 2018 we Sequoia 2020 ýerleşdi.
Toyota Venza – 2008-nji ýyldan bäri Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin çykarylýan bäş orunlyk orta göwrümli krossower. Dört ýyldan soň bu model restaýlinge eýe boldy, 2020-nji ýylda bolsa krossoweriň ikinji nesli hödürlendi. Käbir bazarlarda bu model Harrier ady bilen bellidir.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......