Toyota Hindistanda üçünji zawodyny gurmakçy bolýar

  • 29.09.2023 15:16
  • 8.4k+

Ýaponiýanyň iň iri Toyota Motor awtoulag öndürijisi Hindistanda üçünji zawodyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi çeşmelere salgylanyp habar berýär.

Awtoulag konserniniň hereket edýän kärhanalary günorta-günbatar Karnataka ştatynda ýerleşýär we ol ýerde üçünji zawody gurmak meýilleşdirilýär. Önümçiliginiň mukdaryny soňlugy bilen 200 müňe çenli artdyrmak mümkinçiligi bolan bu zawod ýylda 120 müň awtoulag öndürer diýip garaşylýar. Täze kärhananyň kömegi bilen Toyota -yň Hindistandaky ýyllyk önümçiligi häzirki 400 müň birlikden 30% artyp biler.
Reuters habarlar gullugynyň belleýşi ýaly, Ýapon awtoulag konserniniň Hindistanda alyp barýan işleriniň giňelmegi Ýewropanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bazarlarynyň ösüşiniň haýallamagynyň, şeýle hem Hytaý kompaniýalarynyň ornunyň barha pugtalanýan Günorta-Gündogar Aziýa bazarlarynda bäsdeşligiň güýçlenmeginiň fonunda bolup geçýär. 


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......