Türkmen mekdep okuwçylary 2024/25-nji okuw ýyly üçin «FLEX» maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

  • 28.09.2023 18:27
  • 21k+

Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşleri 2024/25-nji okuw ýyly üçin “FLEX” maksatnamasy boýunça ýokary synp okuwçylary üçin synaglaryň tertibini yglan etdiler. Bäsleşigiň ýeňijileri geljek okuw ýylynyň dowamynda amerikaly maşgalalarda ýaşamak we ABŞ-daky mekdeplerde bilim almak mümkinçiligine eýe bolarlar. Bu barada Orient habar berýär.

Maksatnama mekdep okuwçylarynyň ýol tölegi we ýaşamagy bilen baglanyşykly ähli çykdajylary öz içine alýar. Bu bilim taslamasy ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Synaga gatnaşmak isleýänlere aşakdaky talaplar bildirilýär:

  • 2006-njy ýylyň 15-nji martyndan 2008-nji ýylyň 31-nji maýy aralygynda doglan okuwçylar arza tabşyryp bilýärler;
  • Üns beriň! Harby gullugy geçmeli bolan 11-nji synp okuwçylary bäsleşige gatnaşyp bilmez;
  • Iňlis dilini gowy bilmeli;
  • Bäsleşigiň geçirilýän döwri orta mekdepde okaýan bolmaly we okuwa ýetişigi gowy bolmaly;
  • Amerikan wizasyny bermek boýunça talaplara jogap bermeli;
  • Türkmenistanyň raýaty bolmaly.

Guramaçylar ýurduň sebitlerinde we Aşgabatda geçiriljek synaglaryň tertibini hödürlediler:

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýanyňda dogluş şahadatnamasy ýa-da pasport, iň soňky suratlaryňdan biri (3x4), gara ruçka bolmaly we mekdep formasynda gelmeli.
Bäsleşige fiziki mümkinçilikleri çäkli bolan ýokary synp okuwçylary hem gatnaşyp biler. “FLEX” maksatnamasynyň hereket edip başlany bäri tutuş dünýäde fiziki mümkinçilikleri çäkli bolan 300-den gowrak ýokary synp okuwçysy, şolardan 6-sy Türkmenistandan, onuň uçurymlary boldy.
Guramaçylar sebitdäki mekdepleriň okuwçylarynyň öz sebitlerinde synagy sypdyran bolsalar, Aşgabat şäherinde “FLEX” maksatnamasy boýunça synaglaryň 1-nji tapgyryna gatnaşyp biljekdigine ünsi çekýärler. Bäsleşigiň birinji tapgyryna ýylda diňe bir gezek gatnaşyp bolýar.

Goşmaça maglumatlary Aşgabatdaky Amerikan Geňeşleriniň edarasyndan almak bolýar:
Tel.: (+99312) 36-90-16;
(+99363) 50-20-36
Elektron poçta: flex.tm@americancouncils.org;
Web saýt: https://americancouncilstm.org/news/flex-testing-2023/


19.06.2026 18:41
3.2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.3k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5.2k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......