Skoda 3 millionynjy krossowerini çykardy

  • 27.09.2023 18:10
  • 13k+

«Skoda» Kwasinydaky zawodynda krossoweriň 3 millionynjy krossowerini çykardy. Ýubileý awtoulagy «Skoda Kodiaq Sportline» boldy diýlip, awtoulag öndürijisiniň metbugat gullugynda habar berilýär.

«2009-njy ýyldan bäri üç million krossower öndürmek biziň toparymyz üçin ajaýyp üstünlik. Bu ädim müşderilerimiziň islegleriniň ösüşini we olaryň isleglerini kanagatlandyrmakda biziň ukyplarymyzy görkezýär. Häzirki wagtda ýerleýän awtoulaglarymyzyň, takmynan, 50%-i krossowerlerdir» diýip, «Skoda Auto» kompaniýasynyň dolandyryş bölüminiň önümçilik we logistika boýunça agzasy Andreas Dik belläp geçdi.

2009-njy ýylda Çehiýanyň awtoulag markasynyň hödürleýän görnüşleriniň hataryna ilkinji krossower – «Skoda Yeti» peýda boldy. «Skoda Kodiaq-yň» ýubileý nusgasy bu modeliň birinji nesline degişlidir. 2016-njy ýylda önümçiligi başlaly bäri, dünýäniň «Skoda» zawodlarynda 841 müňden gowrak «Kodiaq» öndürildi.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....