Toyota täzelenen RAV4 krossowerini tanyşdyrdy

  • 27.09.2023 08:48
  • 10k+

«Toyota» ABŞ-da täzelenen RAV4 krossoweriniň 2024-nji ýyl üçin niýetlenen nusgasyny tanyşdyrdy. Awtoulag täze reňkler we enjamlar bilen üpjün edildi.

Ähli tekerleriniň hereketli ulgamynda awtoulagda asfaltly ýollardan daşarda sürmek üçin döredilen «Trail» režimi ornaşdyryldy. Sport höwesjeňlerine niýetlenen «Woodland Edition» nusgasynda krossower enjamlary berkitmek üçin adaty gurluşlar bilen enjamlaşdyryldy. Ak we goýy ýaşyl daşky reňkler bilen gapma-garşy bolan gara üçek göz öňünde tutuldy.
Ýolsuz ýerler üçin niýetlenen «RAV4» nusgasy içinde pružinler bolan goşa turbaly amortizatorlar bilen enjamlaşdyryldy.
2,5 benzinli motora esaslanýan gibrid hereketlendiriji 219 at güýjüni öndürýär. Bu awtoulag sekiz görnüşde elýeterlidir.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......