«Zrinski» Konferensiýalar ligasynyň rekordyny goýdy

  • 27.09.2023 08:40
  • 11k+

Konferensiýalar ligasynyň birinji tapgyryndaky oýunda Bosniýanyň «Zrinski» topary Niderlandlaryň «AZ» toparyny 4:3 hasabynda ýeňdi.

Arakesmeden öň niderlandlylar 3:0 hasabynda üstün gelýärdiler. Ikinji ýarymda «Zrinski» diňe bir hasaby deňlemän, ýeňşi gazanmagy hem başardy. Bu ýaryşyň taryhynda bir toparyň üç pökgi yzda barýarka ýeňiş gazanan ilkinji ýagdaýydyr.
«Zrinskiniň» Ýewropanyň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň toparçalaýyn tapgyrynda ilkinji gezek oýnaýandygyny bellemek gerek.
«Zrinski» bilen bu toparçada «AZ-dan» başga-da, Warşawanyň «Legiýa» topary we Birmingemiň «Aston Willasy» çykyş edýär.
Konferensiýalar ligasynyň häzirki çempiony Angliýanyň «West Hem» toparydyr.


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......