Hindistanyň Aýdaky lunahody aragatnaşygy dikeltmek synanyşyklara hiç hili jogap bermeýär

  • 26.09.2023 12:01
  • 20k+

Hindistanyň «Çandraýan-3» missiýasynyň çäginde awgust aýynda Aýa düşürilen lunahody we gonuş moduly hünärmenleriň olar bilen aragatnaşygy dikeltmek üçin eden synanyşyklaryna heniz jogap bermedi. Bu barada Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) habar berdi.

«Wikram» gonuş moduly we «Pragýan» lunahody bilen, olar uky režiminden çykandan soň, aragatnaşygy ýola goýmak üçin synanyşyk edilýär. Häzirlikçe olardan hiç hili yşarat alynmady. Aragatnaşygy dikeltmek üçin synanyşyklar dowam eder" – diýip, ISRO-nyň X (öňki Twitter) sosial ulgamyndaky habarynda aýdylýar.

Enjamlaryň ikisi-de synag üçin bellenen Aý gününi (14 Ýer güni) işlänsoň, "Wikram" we "Pragýan" sentýabryň başynda uky režimine girizildi. ISRO soňra Ýeriň tebigy hemrasynda täze gündiz sagadynyň başlamagy bilen, olary gaýtadan işletmäge synanyşjakdyklaryny aýdypdy. Şol bir wagtyň özünde hindi habar beriş serişdeleri olary täzeden işletmek ähtimallygynyň juda pesdigini, çünki “Wikram” bilen “Pragýany” juda pes temperaturaly Aý gijesinden soň işletmegiň owalbaşdan göz öňüne tutulmandygyny bellediler.


düýn 10:51
810

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.7k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....