Taýson Fýuriniň menejeri boksçynyň Saud Arabystanynda ýene bir tutluşyk geçirjekdigini yglan etdi

  • 26.09.2023 11:43
  • 16k+

Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) agyr agram derejesiniň çempiony Taýson Fýuri şu ýylyň ahyrynda Saud Arabystanynda ýene bir tutluşyk geçirip biler. Britaniýaly boksçynyň menejeri Spenser Braun bu barada «The Fight with Teddy Atlas» YouTube kanalynda habar berdi.

«Men häzirki wagtda bolup geçýän ähli zatlary aýan edip bilmerin, ýöne Täze ýyl arzuwlaryňyzyň sanawynda agyr agram derejesinde görmek isleýän bir söweşiňiz bar bolsa, islegiňiz hasyl bolup biler. Şuny aýdaýyn: saudlylar Täze ýyly hemmeler üçin hakyky baýrama öwrerler. Meniň aýdyp biljek ähli zadym şu» diýip, Braun belledi.

Iň köp garaşylýan tutlyşyklaryň biri hem Fýuri bilen WBA, WBO we IBF boýunça has agyr agram derejesinde dünýä çempiony ukrain Aleksandr Usikiň arasyndaky söweşidir. Taraplar mart aýynda söweş barada ylalaşyp bilmediler, olar girdejini paýlaşmak barada gutarnykly karara gelip bilmediler. Boksçylar soň birek-biregi açgözlikde aýypladylar.
Fýuri indiki söweşini 28-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda UFC-niň öňki çempiony Frensis Ngannu bilen geçirer.


08.06.2026 12:42
9.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....