Şuşa Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi

  • 26.09.2023 10:27
  • 6.2k+

Şuşa 2024-nji ýyl üçin Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Report agentliginiň belleýşi ýaly, bu barada Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi habar berdi.

Dohada geçirilýän Yslam dünýäsiniň Medeniýet ministrleriniň 12-nji konferensiýasynda, yslam dünýäsiniň medeni paýtagty boýunça ISESCO programmasynyň çäklerinde Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Kerimli 2024-nji ýylyň Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde Şuşa şäheriniň dalaşgärligini hödürledi.
Çärede Şuşa barada wideo görkezildi. Konferensiýa gatnaşyjylaryň biragyzdan goldamagy netijesinde Şuşa 2024-nji ýyl üçin Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.
Şuşa şäheri Azerbaýjanyň taryhy, medeni, jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň möhüm merkezleriniň, şol sanda yslam siwilizasiýasynyň nyşanlaryndan biridir.
2022-nji ýyl Azerbaýjanda “Şuşa şäheriniň ýyly” diýlip yglan edildi. Şäheriň medeni durmuşynyň gaýtadan dikelmegine goldaw bermek maksady bilen aýdym-saz festiwallary, şygryýet günleri, milli we halkara derejesindäki köp sanly medeni çäreler geçirildi. Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOY) Şuşany 2023-nji ýylyň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan etdi.


06.06.2026 16:07
6.9k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.7k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

03.05.2026 13:30
1.5k+

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Bakuda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we......

16.03.2026 16:50
3.5k+

«Galkynyş» topary Bakuwyň «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda çykyş etdi

Baku şäherindäki «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň artistleriniň çykyşy boldy. Täsirli çykyşlary görkezmäge Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň artistleri hem gatnaşdy...