Werstappen ýeňişli ýola gaýdyp geldi

  • 26.09.2023 10:20
  • 3.8k+

Singapuryň Gran-prisinde rekordly ýeňiş tapgyrynyň arasy kesilenden soň, niderlandiýaly Maks Werstappen “Formula-1” çempionatynyň Ýaponiýada geçirilen tapgyrynda ýene-de ýeňşe gaýdyp geldi. “Red Bulluň” sürüjisi “Suzuka” awtodromynda geçirilen Gran-priniň ýeňijisi boldy. Ikinji bolup pellehana “Maklareniň” sürüjisi Lando Norris geldi. Liderleriň üçlügini hem “Maklareniň” sürüjisi Oskar Piastri jemledi.

Ýaryşyň jemi boýunça “Red Bull” özüne 2023-möwsüminde Konstruktorlaryň kubogynda möhletinden ir ýeňşi kepillendirdi.

Ýaponiýanyň Gran-prisi. Ýaryşyň netijesi:

  1. Maks Werstappen (“Red Bull”) – 53 aýlaw;
  2. Lando Norris (“Maklaren”) +19,387;
  3. Oskar Piastri (“Maklaren”) +36,494;
  4. Şarl Lekler (“Ferrari”) +43,998;
  5. Lýuis Hemilton (“Mersedes”) +49,376;
  6. Karlos Saýns (“Ferrari”) +50,221;
  7. Jorj Rassell (“Mersedes”) +57,659;
  8. Fernando Alonso (“Aston Martin”) +1:14,725;
  9. Esteban Okon (“Alpin”) +1:19,678;
  10. Pýer Gasli (“Alpin”) +1:23,115.

düýn 07:51
3.6k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....