Twitter klimat baradaky nädogry maglumatlara garşy göreşmekde sosial ulgamlaryň arasynda iň pes orny eýeledi

  • 25.09.2023 13:57
  • 9.5k+

Climate Action Against Disinformation koalisiýasynyň ýakynda geçiren seljermesi esasy sosial ulgam platformalarynyň klimatyň üýtgemegi baradaky nädogry maglumatlary ýeterlik derejede moderasiýa edip bilmeýändigini görkezdi. Baha berlen platformalaryň arasynda iň ýokary baha Pinterest eýe boldy -  12 bal, onuň yzyndan TikTok – 9 bal, Facebook we Instagram gelýär – 8 bal. YouTube alty bal gazandy. Ýöne X (öň, Twitter ady bilen belli bolan) bary-ýogy bir bal alyp, reýtingde iň pes orny eýeledi.

Geçen ýyl X kompaniýasynyň klimatyň üýtgemegini inkär edýän mahabatyň gadagan edilýändigini yglan edendigine garamazdan, 2022-nji ýylda kompaniýanyň Ilon Mask tarapyndan satyn alynmagyndan soň bu syýasatyň berjaý edilişi näbelli boldy. Gözlegçiler X-iň klimat baradaky nädogry maglumatlara garşy göreşmekde alyp barýan hereketleri babatynda aýdyň syýasatynyň we aç-açanlygyň ýokdugy baradaky netijä geldiler.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 15:47
9.9k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....