Türkmenistanda öz logotipiň bilen ýeňsiz kurtkalary nireden sargyt edip bolýar?

  • 24.09.2023 16:55
  • 25k+

«Gadyr Style» kärhanasy marketler, söwda merkezleri, hyzmatlar ulgamynda dürli işler bilen meşgullanýan hususy kärhanalar üçin dürli dizaýndaky ýörite ýeňsiz kurtkalary taýýarlap bermek hyzmatyny hödürleýär.

Güýz-gyş möwsümi üçin niýetlenen bu hili kurtkalar hereketiň oňaýlylygyny üpjün edýär we şol bir wagtda hem beden üçin diýseň rahatdyr. Howanyň derejesiniň sowap başlamagy bilen ýeňsiz kurtkalar işgärleriň esasy eşiklerini hapalanmakdan gorap, olary güýçli şemaldan, ýagyşdan ýyly saklaýar. Galyberse-de, bu hili eşikler islendik müşderi üçin ýakymly sowgat bolup biler.
Sargydyň iň az mukdary — 20 sany.
Sargytlar — 10-15 günüň dowamynda ýerine ýetirilýär.
Žiletler bilen bir hatarda «Gadyr Style» kompaniýasy güýz-gyş möwsüminde zerur bolan kurtkalaryň hem giň toplumyny öndürýär. Kurtkalara hem sargyt ediji kompaniýanyň haryt nyşanyny — logotipini oturdyp bolýar.
«Gadyr Style» žiletlere we kurtkalara oturdyp beren haryt nyşanlarynyň köp gezek ýuwlandan soň hem, uzak wagtlap ýokary hilini saklap galjakdygyny kepillendirýär.
«Altyn şöhle», «Mekan konditer», «Tolkun», «Timar», BANT, «Ýunus», «Rysgal kompýuter» ýaly kompaniýalar, Şazada market, City market, Şerbet market, Halk market, Aşgabat market, Paýtagt market ýaly marketlerdir söwda merkezleri öz işgärleri üçin «Gadyr Style» hususy kärhanasyndan logotipli ýeňsiz kurtkalary aldylar.

Öz logotipiňiz oturdylan ýeňsiz žiletleri, kurtkalary sargyt etmek isleseňiz şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz:
+99365082347

Şeýle hem okap bilersiňiz:

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......