Gurbanguly Berdimuhamedow howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek barada aýdyp berdi

  • 24.09.2023 13:55
  • 21k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek barada aýdyp berdi.

Bu barada Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy.

«Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýolumyza eýermek bilen, biz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretdik» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň sözlerine görä, gazna tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar we ýetginjekler aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi.

«Biz bu işleri geljekde-de dowam etdireris. Munuň üçin döwletimiziň hem, Gaznanyň hem ýeterlik serişdeleri bar. Sebäbi, halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr!» – diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.


düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......