Germaniýada ýaşaýjylar “Wagt piramidasyny” gurýarlar

  • 23.09.2023 17:41
  • 22k+

Germaniýanyň günortasyndaky Wemding şäherinde “Wagt piramidasyny” gurmak dowam etdirilýär diýip, “The New York Times” habar berýär. Muny knife.media ýetirýär. Bu ýerli suratkeş Manfred Laberiň 3183-nji ýylda tamamlanmaly bolan taslamasydyr.

Piramida 1993-nji ýyldan bäri on ýylda bir gezek goşulýan 120 beton blogundan ybarat. Netijede, beýikligi 7 metre golaý uly desga emele geler.
Taslamany oýlap tapan suratkeş 2018-nji ýylda aradan çykdy, ýöne onuň ölüminden soň şäher häkimiýetleri sungat eserini maliýeleşdirmek üçin Wemdingiň “Wagt piramidasy” gaznasyny döretdiler.
Taslama wagtyň dürli nesillere edýän täsirini öwrenýär. Şäher ýaşaýjylarynyň biri 1993-nji ýyldan bäri her beton blogynyň goýluş dabarasyna gatnaşýandygyny aýtdy.


08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......