Ýaponiýanyň premýer-ministri 2023-nji ýylyň Global Goalkeeper Award baýragyny aldy

  • 23.09.2023 09:39
  • 3.6k+

Ýaponiýanyň premýer-ministri Kisida Fumio Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşandygy üçin Global Goalkeeper Award baýragyna mynasyp boldy. Bu barada NHK World Japan teleýaýlymy habar berýär.

Bill we Melinda Geýtsiň gaznasy bu baýragy garyplygy ýok etmegi, ýokary hilli bilimi ýaýratmagy we ekoulgamlary goramagy öz içine alýan Durnukly ösüş maksatlaryna goldaw bermek üçin döretdi.
Çarşenbe güni Nýu-Ýorkda geçirilen dabarada Kisida bu baýragy Microsoft kompaniýasynyň egindeş esaslandyryjysy Bill Geýtsiň elinden aldy.
Gazna Ýaponiýanyň premýer-ministriniň Hirosima şäherinde geçirilen “Uly ýediligiň” sammitinde Durnukly ösüş maksatlary baradaky çekişmelere ýolbaşçylyk edendigini belledi.


düýn 15:08
2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....