Oleg Kononenko Serdar Berdimuhamedowy kosmosdan doglan güni bilen gutlady

  • 23.09.2023 00:14
  • 17k+

Häzirki wagtda Halkara kosmos stansiýasynda iş alyp barýan Türkmenistanyň Gahrymany, kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Halkara kosmos stansiýasyndan öz gutlagyny ýollan Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Ol nobatdaky kosmos ekspedisiýasynda Türkmenistanyň baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň suratyny hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheri baradaky kitaby ýany bilen Halkara kosmos stansiýasyna alyp gelendigini belledi.
Türkmenistanyň kosmos pudagynyň ösüşine öz goşandyny goşmaga taýýardygyny bellän Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidentine kosmos ulgamyna berýän goldawy üçin hoşallygyny bildirdi.
Şeýle hem Oleg Kononenko Türkmenistanda doglandygy üçin hem özüni bagtly duýýandygyny belledi.


şu gün 16:02
525

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......