«Adyl goldaw» HK kärhanalara, hususy telekeçilere dürli resminama işini ýöretmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

  • 22.09.2023 18:20
  • 12k+

Telekeçilik işinde ähli resminamalaryň doly derejede dürs bolmagy hökmany şert bolup durýar. Munuň üçin hususy kärhanalara, telekeçilere dürli görnüşli resminamalary toplamak, hasabatlary ýöretmek ýaly işler zerur bolup durýar. Emma resmi däl dilde «Kagyz, hat-pet işi» diýlip atlandyrylýan işleri özbaşdak ýerine ýetirmäge wagt ýa-da mümkinçilik bolmazlygy ahmal. Bu ýagdaýda «Adyl goldaw» hususy kärhanasy öz hyzmatlaryny hödürleýär.

«Adyl goldaw» HK şu hyzmatlary ýerine ýetirýär:

  • Hususy kärhanalary we hojalyk jemgyýetini hasaba almak, ýatyrmak we gaýtadan hasaba almak;
  • Statistika, salgyt, pensiýa hasabatlary taýýarlamak;
  • ygtyýarnama almak üçin resminamalar bukjasyny ýygnamak;
  • iş meýilnamasyny taýýarlamak;
  • Laýyklyk we Howpsuzlyk şahadatnamasyny almak üçin resminamalar toplumyny ýygnamak;
  • Patent hyzmatlary
  • Buhgalterçilik hasabatlary taýdýarlamak we tabşyrmak, şeýle hem beýleki hyzmatlar.

Ýuridiki şahslar «Adyl goldaw» HK-da hasaba alnan ýagdaýynda ilkinji üç aýyň dowamynda buhgalterçilik hyzmatlary mugt ýerine ýetirilýär.
«Adyl goldaw» hususy kärhanasy hyzmatlaryny ygtybarlylygyny, hünärmenleriniň ýokary tejribesini kepillendirýär.
Hyzmatlar Aşgabat, Mary, Türkmenabat şäherleriniň çäklerinde elýeterlidir.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
20-50-45

Salgysy: Aşgabat ş., B.Türkmenbaşy şaýoly, 81. Söwda merkezi

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......