The Guardian Ýewropadaky her bir adamyň diýen ýaly hapa howadan dem alýandygyny anyklady

  • 22.09.2023 18:14
  • 9.5k+

Ýewropalylaryň takmynan 98%-i aşa zyýanly hapalanan howadan dem alýar, bu bolsa her ýylda 400 müň adamyň heläk bolmagyna sebäp bolýar diýip, The Guardian çarşenbe güni habar berdi.

Gazet hemra we gözegçilik stansiýalary tarapyndan toplanan maglumatlara salgylanyp, ýewropalylaryň 98% -iniň aşa zyýanly mikrobölejikleriň howada Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maslahat berýän derejesinden aşa artyk ýerlerde ýaşaýandygyny tassyklaýar. Şol bir wagtyň özünde, raýatlaryň üçden iki bölegi zyýanlylygy BSGG tarapyndan kesgitlenen çäkden iki esse diýen ýaly ýokary sebitlerde ýaşaýarlar.
Demirgazyk Makedoniýada ýagdaý iň erbedi, ilatyň üçden iki bölegi zyýanly PM2.5 bölejikleriniň derejesi BSGG-nyň standartyndan dört esse köp bolan sebitlerde ýaşaýar. Şeýle hem, ýurduň paýtagty Skopýe ýaly käbir sebitlerde bu norma alty esse ýokarydyr.
Umuman aýdanyňda, gündogar Ýewropadaky ýagdaý onuň günbatar böleklerine garanyňda hasam ýaramaz. Italiýa muňa girmeýär, çünki ýurduň demirgazygyndaky mikrobölejikleriň sany normadan dört esse artykdyr.
Hünärmenler howanyň hapalanmagynyň her ýyl Ýewropada takmynan 400 müň adamyň heläk bolmagyna sebäp bolýandygyny bellediler. Şol bir wagtyň özünde, eger howanyň hili BSGG standartlaryna laýyk gelýän bolsady, onda bu adamlaryň 200 müňden gowragyny halas edip bolardy.


14.06.2026 14:04
3.7k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:07
3.6k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......