Volkswagen kompaniýasy Tiguan krossoweriniň üçünji neslini tanyşdyrdy

  • 22.09.2023 14:15
  • 8.2k+

«Volkswagen» kompaniýasy «Tiguan» krossoweriniň üçünji neslini tanyşdyrdy. Germaniýanyň awtoulag öndürijisi täze önümiň 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde satuwa çykaryljakdygyny mälim etdi.

Täze «Volkswagen Tiguan» bu awtoulag brendiniň «Passat» (B9), «Tavendor» we «Talagon» ýaly beýleki nusgalaryna hem esaslanýan «MQB evo» platformasynda guruldy. Krossower elektrik energiýasy arkaly, takmynan, 100 km geçmäge mümkinçilik berýän gibrid ulgam, 20 dýuýmlyk tekerler we aerodinamiki garşylyk koeffisiýenti 0,28 bolan (ikinji neslinde 0.33) kuzow bilen üpjün edildi.
Hereketlendiriji ulgamy turbo görnüşli dizel we benzin motorlaryny, gibrid elektrik ulgamyny öz içine alýar. Täze «Tiguan» «MQB evo» platformasyndaky täze nesil matrisa faralary bolan ilkinji nusgadyr. Bu nusga ikinji nesil krossower bilen deňeşdirilende, 3 sm uzyndyr, emma beýikligi, ini we teker binýady üýtgedilmedi. Goş goýulýan (bagaž) bölüminiň göwrümi 37 litr artdyrylyp, 652 litre ýetirildi.
«Tiguan» kämilleşdirilen, uýgunlaşmaga ukyply asma gurluşlar, massažly we howalandyryşly oturgyçlar hem-de sürüjä kömek ulgamlary, şol sanda zolagy çalyşmak üçin kömekçi we smartfon arkaly uzakdan awtomatiki ýagdaýda awtoulagy duralgada ýerleşdirmek mümkinçiligi bilen üpjün edildi. Salonda sanly gural paneli, proýeksiýa displeýi we 15 dýuýmlyk media ulgam ekrany ornaşdyryldy.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

14.05.2026 11:11
4.7k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......