Chrysler miniwenleriň öndürilip başlanmagynyň 40 ýyllygy mynasybetli «Pacifica» modeliniň täze nusgasyny çykardy

  • 22.09.2023 14:11
  • 5.8k+

«Chrysler» «Pacifica» miniweniniň 2024-nji ýyldaky nusgasyny tanyşdyrdy we awtoulag bazaryndaky bu görnüşiň döredilmeginiň 40 ýyllygyny ýatlatdy, diýip «Motor1» habar berýär.

«Plymouth Voyager» miniweniniň önümçiligi 1983-nji ýylyň noýabr aýynda «Chrysler» korporasiýasynyň Kanadadaky zawodynda başlandy. Amerikan awtoulag öndürijisi şol wagt awtoulag bazaryna mikroawtobusyň giňligini we ýeňil awtoulagyň dolandyrylyşyny özünde jemleýän maşgalalar üçin niýetlenen ulagy hödürledi. Soňra miniwenler beýleki iri awtoulag kompaniýalarynyň öndürýän görnüşleriniň hatarynda peýda boldy.
«Chrysler Pacifica 2024-de» gyssagly kömek gulluklarynyň ýakyndaky ulaglary we ýoldaky howplar barada sürüjä duýduryş funksiýasy bolan kämilleşdirilen media ulgamy ornaşdyryldy. Şeýle hem miniwen gyzyl we çal reňklerde hödürlenýär, onuň salony hem täzeçe usulda bezelendir.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....