Dünýäde awtoulaglaryň satuwy artdy

  • 21.09.2023 15:18
  • 7.8k+

2023-nji ýylyň awgust aýynda dünýäniň awtoulag bazarynda täze ulaglaryň satuwy 9,6% ýokarlandy. Bu barada “Avwtostat” LMC Automotive maslahat beriş kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi. Tomsuň soňky aýynda jemi 7 million 302 müň awtoulag satyldy.

Hytaý awgust aýynda 2 million 520 müň awtoulag bilen (2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende + 5,2%) birinji orny eýeledi. Ikinji orunda 1 million 330 müň awtoulag satan ABŞ durýar, bu bolsa bir ýyl mundan ozalkydan 17,1% köpdür.
Günbatar Ýewropa ýurtlarynda awgust aýynda 889,6 müň awtoulag satyldy (+ 18,7%). Gündogar Ýewropada awtoulag satuwy 31,9% artyp, 290,4 müň birlige ýetdi. Günorta Amerikada awgust aýynda 233,5 müň awtoulag satyldy, bu 2022-nji ýylyň şol aýyndaky görkeziji bilen deňeşdirilende 1,3% köpdür. Şeýle-de, dünýädäki iň iri awtoulag bazarlarynyň arasynda Ýaponiýa (337,4 müň birlik, + 17,2%), Kanada (148,6 müň birlik, + 10,8%) we Koreýa (128,3 müň birlik, - 0,7%) bar.
Umuman alanyňda, 2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda dünýäniň awtoulag bazarynda 57 million 495 müň awtoulag satyldy (2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende + 10,3%).

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....