Toyota Sienna 2024 tanyşdyryldy

  • 20.09.2023 14:09
  • 45k+

Toyota kompaniýasy 2024-nji ýylda öndürilen Toyota Sienna-nyň ABŞ-nyň dilerlerine geljek aý geljekdigini resmi taýdan yglan etdi.

 

Iň uly üýtgeşiklik - orta derejeli Sienna XSE üçin täze elýeterli premium-paketiň goşulmagydyr. Ol sürüjiniň tarapynda sekiz görnüşde sazlanýan gyzdyryjy we şemalladyjy aýratynlygy bolan deriden öň oturgyçlary goşýar.
Sienna LE we XLE-de indi garaňky hrom aksentleri bolan faralar bar. XSE AWD we Woodland garaňky tigirleri aldy. Täze  Toyota Sienna 2024 -iň bahasynyň, ondan öňki, bahasy 36,885 dollardan başlanýan görnüşi bilen deňeşdirilende, birneme ýokarlandygyny bellemelidiris. Indi bahasy 37,185 dollardan başlap, 48,125 dollara çenli.

 

Başlangyç derejedäki Sienna LE-niň LED yşyklandyryşy, toguň güýji bilen süýşýän gapdal gapylary we 17 dýuýmlyk ýeňil garyndyly tigirleri bolar. Onda Android Auto-ly we Apple CarPlay-li 9 dýuýmlyk maglumat ulgamy, alty dinamikaly ses ulgamy, üç zolakly howa-gözegçiligi, ikinji hatary Gün şöhlesinden goraýan perdejikler we emeli agaçdan bezegi bolar.
Ähli Sienna-lar Toyota Safety Sense 2.0 sürüjä kömek ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol doly tizlikli uýgunlaşdyrylan kruiz dolandyryşyny, zolagy yzarlaýan aýratynlykly ýoldan çykylanda duýduryjy ulgamy we pyýadalar bilen  çaknyşmakdan öňünden goraýjy ulgamy öz içine alýar. Şeýle hem awtomatiki uzaga gönükdirilen yşygy we ýol belgilerini tanaýjysy bar.
Kuwwatyny 245 at güýji bolan 2,5 litrlik dört silindrli hereketlendiriji üpjün edýär. Öňki priwod standart topluma girýär, şeýle hem, opsiýa hökmünde tigirleri doly hereketli görnüşi elýeter.


23.05.2026 08:13
3.4k+

Toyota hereketlendirijilerdäki meseleler sebäpli V6-ly ulaglaryny ýene-de yzyna çagyrýar

Toyota kompaniýasy ABŞ-da 3,5 litrlik V6 hereketlendirijileriniň döwülmek howpy sebäpli 44 müň töweregi Toyota Tundra pikapyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

22.05.2026 14:47
5.5k+

Iň kiçi Toyota Land Cruiser FJ ýolsuz ýerde ýöreýän ulagy ýapon bazaryna çykdy

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda täze Land Cruiser FJ ramaly wnedorožniginiň satuwa çykarylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Model ýeke-täk VX komplektasiýasynda hödürlenip, bahasy 4,5 million ýena......

18.05.2026 06:21
5.8k+

Toyota RAV4-i pikapa öwürmek isleýär

Toyota kompaniýasy häzirki nesil RAV4 krossoweriniň platformasynda täze ýeňil pikap işläp düzmegiň we çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada ýapon konserniniň Demirgazyk Amerika bölüminiň ýolbaşçysy......

14.05.2026 11:11
4.5k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....